01 Temmuz 2022 22:16
Mangistau, ýurtda her kim tarapyndan Gazagystanyň däp-dessurlaryny gorap saklaýan sebit hökmünde tanalýar.
Bu ýerde gündelik durmuşda-da adaty eşikler geýilýär, bäbekler sallançakda ulalýarlar, gelinler ýaşulularyň öňünde baş egýärler we jaýlar adaty äheňler bilen bezelýär.
Mangistau sebitiniň dolandyryş merkezi Aktau şäherinde ýaşaýan Onaýhan Töleubaýgyzy we maşgalasy, däp-dessurlaryndan ýüz öwürmeýän maşgalalardan biri.
Özi ýaly matematika mugallymy bolan ýoldaşy bilen 7 çagany kemala getiren Töleubaýgyzy, indi bolsa agtyklaryna gazak däp-dessurlaryny öwredýär.
Töleubaýgyzy: “bäbek dünýä ineninde şildehana (kyrk çileden çykarma däbi” diýilýän içine kümüş atylan suwda ilkinji gezek ýuwulýar. Soñ bäbegi sallançaga yatyrýarys. Oğlan çagalar 5 ýaşynda sünnet edilýär. Täze geline bolsa “ betaşar”( ýüz açma) çäresini gurnaýarys”-diýdi.
Töleubaýgyzy: “bäbekleri 1,5 ýaşyna çenli sallançakda ýatyrýarys. Sallançakda bäbekler arkaýyn ýatýarlar. Öýümizdäki ýassyk, ýorgan we halylary özim dokadym. Milli lybaslarymyzy hem dikip bilýärin. Häzir bolsa agtyklaryma öwredýärin.”-diýdi.