10 Haziran 2022 21:01
Gyrgyz opera we balet teatry 1937-nji ýylda Gyrgyzystanyň döwlet teatrynyň bir bölümi hökmünde döredildi.
Ilkinji ýyllarda eserler gyrgyz we rus dillerinde sahnalaşdyryldy.
1942-nji ýylda Gyrgyzystanyň döwlet opera we balet teatryna öwrüldi. Bu ýyldan soñ milli aýdym-saz sungatynyň emele gelmeginde we ösmeginde esasy mekdebe öwrüldi.
1958-nji ýylda Moskwada geçirilen “Gyrgyz edebiýaty we sungat günleri” çäginde teatr “Toktogul” we “Çolpon” spektakllaryny tomaşaçylar bilen duşuşduryp uly üstünlik gazandy. Gazanan bu üstünligi mynasybetli teatra “ akademiýa” ady berildi.
1978-nji ýylda opera we balet teatryna meşhur gyrgyz kompozitory we opera aýdymçysy Abdylas Maldybaýewiň ady dakyldy.
Teatra, 2000-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda “ milli” statusy berildi.
Tanymal režisýorlaryň we sungat işgärleriniň köpüsi ömrüni opera we balet teatrynyň işine bagyşlady.
Şugünki gün, opera we balet teatryň sungat işgärleri halkara taslamalary durmuşa geçirýärler; ýurtda we halkara platformalarda meşhurlyk gazanýarlar.