10 Haziran 2022 20:58
Ýazan kitaplary we paýhasly pelsepesi bilen Yslam dininiñ ýaýratmaga goşant goşan beýik dini alym Abu Mansur Muhammet bin Muhammet bin Mahmut al-Maturidi as-Samarkand, Özbegistanyň Samarkand sebitinde dünýä indi.
Doglan senesi näbelli bolsa-da, käbir taryhy çeşmelere görä doglan ýyly 863-nji ýyl.
Ymam Maturidi Yslam dinini zor bilen däl-de gürrüñ berip, ýaýratmagy goldaýardy.
Yslam alymlarynyň arasynda onuň hoşniýetli, obýektiw we häzirki zaman garaýyşlary ýokary hormatlandy.
Hakyky imanyň kör iman bilen däl-de, eýsem Hudaýyň beren akyl-paýhasy bilen mümkindigi baradaky pikiriniñ täsiri bilen köp adamlar Yslam dinini saýlady.
Bu döwürde ýazan "Töwhid" kitaby, akyl bilen ynamyň arasynda deňagramlylygy döretmäge gönükdirilen eserdir.
Bagdada, Damaska we Mekgä ýygy-ýygydan çagyrylan ymam Maturidi halyflara maslahat berdi.
80 ýaşyna çenli metjitlerde wagyz etmäge we şärik ýetiştirmäge dowam eden Ymam Maturidi 944-nji ýylyň aprelinde dünýeden ötdi.
Ömrüni ylma bagyş eden we uly hyzmatlar eden Maturidiniň bilinýän 15 eseri bar. Esasanam "Kitab-ut-tawhid", "Tewilat-ul-Gurhan", "Kitab-ul-makalat fil-kelam", "Me'haz-üş-şeriye" we "Kitab-ul-jedel" eserlerinin deñi-taýy ýokdur.
Maturidiniň yslama bolan garaýşy, häzirki wagtda köp musulmanlaryň öňe sürýän ynanç pelsepeleriniň biri hökmünde ýaşamaga dowam edýär.