17 Haziran 2022 15:17
Türkiýe Respublikasynyñ medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiñ beren rugsady, Türk taryh Guramasy we Izmir şäher häkimliginiň goldawy bilen Aýasuluk depesinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde taryhy eserler gün ýüzüne çykaryldy.
Hatay Mustafa Kemal uniwersitetiniň sungat taryhy bölüminiň mugallymy Dr. Sinan Mimaroglunyň ýolbaşçylygynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde bürünç eýýamyna degişli bolan keramikalar we beýikligi we ini 5 santimetr bolan Miken heýkeli gün ýüzüne çykaryldy.
Dr. Sinan Mimarogly, “ Miken heýkeli miladydan öňki 1200-nji ýyla degişlidir. Bu tapyndy, Aýasuluk depesiniň Hitit döwletiñ paýtagty bolan Appasas bilen arabaglanylygynyñ bolandygynyñ ýene bir subutnamasydygyny aýdyp bilerin "-diýdi.
Mimarogly, meñzeş Miken heýkelleriniñ gadymy Troýa, Limandepe, Kadygalasy, Miletos we Iasos şäherlerinde hem gün ýüzüne çykarylandygyny ýatlatdy.
Aýasuluk depäniñ soñky bürünç eýýamy üçin esasy merkez bolandygyny nygtan Mimarogly: “bu ýer, Efesiñ ilkinji döredilen ýerdir. Deñiziñ kenar ýakasynda orun alýardy we bu ýerde söwda bardy”-diýdi.
Bizin eýýamymyzdan öňki döwürden başlap takmynan 9 müň ýyl bäri üznüksiz oturymly ýer bolan Efesdäki ilkinji oturymly ýer hökmünde kabul edilýän Aýasuluk depesi, gadymy Efes şäherinden takmynan 3 km uzaklykda ýerleşýän Selçuk şäheriniň merkezinde ýerleşýär.
Selçuk-Efes, Aýdynogullary begligi tarapyndan 1304-nji ýylda basyp alynmagy bilen türk häkimiýetine geçdi.