12 Kasım 2021 20:05
Adamlaryñ arasynda “ Manasyñ kümmeti” diýip bilinýän mazar Gyrgyzystanyñ Talas şäheriniñ 15 km demirgazyk günbatarynda orun alýar.
Türk binagärliginiñ aýratynlyklaryna eýe bolan kümmet, XIV asyr türk-yslam dünýäsiniň iň esasy binagärlik ýadygärligi diýip kabul edilýär.
Kümmet, ýerli ilat tarapyndan "Manasyñ kümmeti" diýlip atlandyrylýar. Eýsem Gyrgyz halkynyň gahrymançylykly dessany bolan Manas eposy Talas topragynda bolup geçýär.
Dessanda Manasyň gubury hakynda dürli rowaýatlar gürrüñ berilýär. Iň ýaýran rowaýata görä, Manasyň mazaryny aýaly Kanikey gurdurypdyr. Ýöne mazaryñ daşynda Manasyñ däl-de bir zenanyñ ady ýazylan. Kaýyket, Manasyñ jansyz bedenini düşmanlardan goramak isleýär.
Mazaryň daşyndaky ýazgylardan onuň Emir Abukeniň gyzy Kenizek Hatuna degişli bolandygy ýüze çykýar.