15 Ekim 2021 22:00
Taryhda Krym tatar erkekleriniň ulanýan onlarça başgaplaryñ arasynda iň meşhur bolany Krym tatar Kalpagydyr.
Hakyky guzy derisinden ussatlyk bilen elde tikilen bu kalpaklar ýel we sowuk geçirenok.Tebigy deri bolany üçin, dem alýar we derledenok.
Kalpak diñe Krymda däl eýsem Türkiýe, Kawkaz, Eýran, Russiýa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýaşayan halklar tarapyndan köp asyrlap ulanylyp gelýär.
Krym halkynyñ geçmişini, däp-dessurlaryny we medeniýetini wasp edýän erkekleriñ başgaby kalpaklar zamanamyzda hem ähmiýetini gorap saklaýar. Düýpli we baý Krym medeniyetiniñ esasy nyşanalaryndan biri bolan kalpaklary tikme işi irginsiz zähmet talap edýär.
Kalpaklar, häzirki zaman ýaşlar tarapyndan toýdur dabaralarda we jynazalarda hökman geýilýär. Diñe toý-dabara we jynazalarda däl eýsem gündelik durmuşda hem köçelerde kalpak geýip gezenlere duş gelmek bolýar.
Krym tatar milli egin-eşik medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan kalpaklar gymmatly ýadygärlik hökmünde sowgat hem edilýär.