28 Mayıs 2021 21:58
Täze Nusaýda geçirilen barlaglar, bu ýerde ýaşaýşyň alamatlarynyň has irki döwürlerde b.e. öňki IV-II müňýyllyklarda dowam edendigini mälim etdi. B.e. öňki müňýyllykda eýýäm bu ýerde uly bir oturymly oba emele gelipdir.
b.e. I asyrynda Rim döwletiniň bäsdeşi bolan Parfiýa döwleti has uly üstünliklere eýe bolýar. Bu döwlet Orta ýer deňzinden tä demirgazyk-günbatar Hindistana çenli ýaýylyp gidýän uly imperiýany emele getirýär.
Parfiýalalylaryň taryhy menzil-mekany bolan Parfiýanyň merkezi bölegini Köpetdag, deň iki bölege bölýär. Onuň bir bölegi häzirki Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýär.
Mitridat I (b.e. öňki 174-136-njy ýyllar) patyşanyň döwründe Köne Nusaýyň çäginde, 43 sany diňleri bolan Mitridatkert galasy gurulýar. Şol döwrüň ymarat nukdaýnazaryndan garasaň, bu gala diýseň berk hem gaýym gala bolupdyr. B.e. öňki II - I asyrlarda Parfiýa imperiýasynyň gülläp ösen döwründe Nusaý patyşalarynyň aramgähi diýen ada eýe bolýar. Tapylan arheologiýa tapyndylarynyň aglaba köpüsi, Parfiýa döwletiniň gülläp ösen döwri bolan b.e. öňki III-I asyrlara degişlidir. Bular monumental toýun heýkeller bilen bezelen ybadathana, binagärlik toplumynyň galyndylary, mermer heýkeller, pil süňkünden ýasalan, relýef bezegli, dini häsiýetli ritonlar, bezeg şaýlary, metaldan we terrakotadan ýasalan ownuk plastikalar, ýaraglar, gap-gaçlar we ş.m. Şeýle-de bu ýerden arameý hatynda, parfiýa dilinde ýazylan hojalyk resminamalary (çakyr önümleriniň hasabatlary) hem tapyldy.
B.e. 226-njy ýylynda Parfiýa döwleti ýykylyp özüniň ýaşamagyny bes edenden soň, hökümet başyna sasaniler gelip, täze döwleti esaslandyrýarlar. Köne Nusaý bolsa parfiýa şalarynyň nesil goraghanasy hökmünde ilkinji nobatda ýumrulýar we bu ýerde durmuş ähli babatda pese gaçýar.
Barlagçylaryň pikirine görä, gadymy dünýäniň beýik döwletleriniň biri bolan Paifiýa döwletiniň maddy medeniýetini we sungatyny özüniň arheologiýa gatlaklarynda saklap ýatan Köne we Täze Nusaý galalary asyrlaryň jümmüşinde ýatdan çykarylan parfiýa medeniýetine akyl ýetirmegiň möhüm çeşmesidir. Ine, şonuň üçin hem bu gymmatly ýadygärlikler 2007-nji ýylda, ýitip giden siwilizasiýanyň seýrek duş gelýän obýektleri hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.