turkmenistany-konstitusi-a-binasy

Türkmenistanyñ Konstitusiýa binasy

2011-nji ýylyň 18-nji maýynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyñ gatnaşmagynda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyñ açylyş dabarasy boldy.

04 Haziran 2021 20:18

 Türkmenistanyň Konstitusiýasyna bagyşlanyp gurlan bu bina ýurduñ demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslarynyň mizemezligini alamatlandyrýar. Bu ajaýyp binanyň umumy beýikligi 185 metre, desganyň merkezi bölegindäki dört gyraňly sütüniň boýy 91 metre ýetýär. Ol ähli tarapdan haly gölleriniň şekilleri bilen bezelendir we binanyň depesinde bäş ýyldyzly altyn ýarymaý bolan sütün bardyr. Bina üç basgançakly 27 metrlik binýady bolan Oguz hanyň ýyldyzynyň şekilinde bolup, 10 metr beýiklikdäki binýady bar. Onuň çar tarapyny suw çüwdürimler toplumy we basgançaklar gurşaýar. Bu günki gün Konstitusiýa binasy diňe bir paýtagtlylaryň däl, eýsem, türkmenistanlylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Türkmen halkyna mahsus bolan milli demokratiýa, ynsanperwerlik, beýleki halklara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk, raýdaşlyk ýaly gymmatlyklar milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyñ alyp barýan daşary syýasatynyň özenini düzýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenen daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işine gatyşmazlyk, sebitiň ýurtlary hem-de dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar.

Habarlar