28 Mayıs 2021 21:54
Meşhur filosof Farabiniň dünýä inen we türk imperatory Teýmiriñ aradan çykan şäheri bolan Otrar, Hoja Ahmet Ýasawynyñ eserlerinde "Beýik ylymlar şäheri" diýip geçýär.
Otrar şäherinde Farabi ýaly tapawutly pudaklarda 30 alymyñ ýetişendigi we bu ýerde ilkinji uçuş guralynyň öndürilendigi gürrüñ berilýär.
Ozaldan Gala, Şehristan we Rabat diýilýän üç uly mähelleden ybarat bolan töweregi diwarlar bilen gurşalan Otrar şäheri, zamanamyzda 220 gektarlyk meýdany gurşaýan Otrar Depesiniñ harabalaryndan ybarat.
Şäheriñ merkezinde orun alýan Han metjidiñ mährab burçy we sütünleri zamanamyza gelip ýetdi. Bilim adamlary Otraryñ Yslam dininiñ sebitde ýaýramagynda möhim rol oýnandygyny aýdýarlar.
Arheolog Serik Akylbek beren interwýusynda 1969-njy ýylda şäherde edilen ilkinji gazuw-agtaryş işleriniñ başladylandygyny we 50 ýyllap dowam edendigini aýtdy.
Otrar şäheri, Gazagystanyñ 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan edeninden soñ açyk howa arheologik muzeýe öwrülip döwletiñ goragy astyna alyndy.